Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemen polisiýasy protestçileri oka tutdy, adam öldi


Ýemeniň Taiz şäherinde polisiýanyň protesçileri oka tutumagy netijesinde azyndan bir adam öleni, onlarça adamyň bolsa ýaralanany habar berilýär.

Ýaşaýjylar polisiýanyň protestçileri dargytmak üçin suw toplaryny, göz ýaşardyjy gazlary, dürreleri ulanandygyny aýdýarlar.

Protestçiler fewraldan bäri prezident Ali Abdullah Salehiň işden çekilmegini talap edýärler.

30 ýyldan gowrak häkimiýet başynda bolan Saleh özüniň häkimiýetiň parahatçylykly geçmegi üçin maslahat etmäge taýýardygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG