Sepleriň elýeterliligi

Sankt Peterburgda häkimiýetlere protest bildirilýär


Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde ýüzlerçe adam ýerli häkimietleriň ilaty gyş hadysalaryndan goramakdaky we şäheriň merkezindäki taryhy ýerleri gurluşukçylaryň bozmagynyň öňüni almakdaky başarnyksyzylygyna garşy proteste çykdy.

Proteste 700 çemesi adam, şol sanda liberal “Ýabloko” partiýasynyň we hatda Kremle dostlukly “Adalatly Orsýet” partiýasynyň agzalary goşuldy.

Gyşda jaýlaryň şiferlerinden gaçan buz bölekleri bäş adamy, şol sanda iki çagany öldürdi.

Peterburg häkimiýetleriniň ýanwarda federal hökümetden şäheri Orsýetiň taryhy ýerleriniň sanawyndan öçürmegi soramagy gorag toparlaryny gazaba mündürdi. Sebäbi bu ýagdaý gurluşykçylara köne binalary ýumurmaga giň ýol açjakdy.
XS
SM
MD
LG