Sepleriň elýeterliligi

Gresiýa Kaddafiniň çykalga agtarýandygyny aýdýar


Gresiýa Liwiýanyň hökümdary Muammar Kaddafiniň hökümetiniň Kaddafi hökümetini ýykmak üçin söweşýän pitneçiler bilen konfliktden çykalga gözleýändigini yglan etdi.

Bu habar ýekşenbe güni Afinada Kaddafiniň wekili Abdelati al-Obeýdi bilen Gresiýanyň premýer-ministri Jorj Papendrouň duşugyndan soň ýaýrady.

Gresiýanyň daşary işler ministri Dimitris Droutsas bu duşuşykdan soň Kaddafi režimi çözgüt agtarýana çalym edýär diýdi. Bu gepleşikler barada jemgyýetçilige kän zat aýdylmady.

Grek ministri liwiýa wekiliniň öz gepleşiklerini Türkiýede hem dowam etdirmegine garaşylýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG