Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda janyndan geçenleriň hüjümleri 41 adamy öldürdi


Günorta Pakistanda iki sany janyndan geçen bombaçynyň hüjümi 41 adam öldürip, köp adamy ýaralady.

Partlamalar Penjap welaýatynyň Dera Gazy Han etrabynda, Şaki Sarwar mawzoleýiniň daş işiginde, sufi musulmanlarynyň ýyllyk festiwalynda boldy.

Talybanyň sözçüsi bu hüjümi öz toparynyň amala aşyrandygyny we ýurduň demirgazyk-günbataryndaky ilata garşy geçirilen hökümet operasiýalary üçin ar alandyklaryny aýtdy.

Jeňçiler şeýle hüjümleri ozal hem edipdiler.
XS
SM
MD
LG