Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak saýlawlaryna gatnaşygyň ýokary bolandygy aýdylýar


Iş başyndaky prezident Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanda geçirilen irki saýlawlarda ýene bir 5 ýyl möhlete gazanana çalym edýär.

Ýekşenbe güni geçen saýlawlara, resmi maglumata görä, ses berijileriň 89.9 prosenti gatnaşdy. 2005-nji ýyldaky prezident saýlawlaryna ses berijileriň 76,8 prosenti gatnaşypdy.

Prezidentlik ugrundaky bäsleşige Nazarbaýewden başga hem üç kandidat çykdy, ýöne olar Gazagystana 20 ýyldan gowrak ýolbaşçylyk edýän prezidente çynlakaý garşydaş bolup bilmediler.

Gazak oppozisiýasy iki ýyl ir geçirilýän saýlawy boýkot etmäge çagyrdy we onuň galpdygyny aýtdy.

Irki saýlaw kararyna Nazarbaýewiň prezidentlik möhletini referendum arkaly 2020-nji ýyla çenli uzaltmak teklibi Konstitusiýa sudy tarapyndan ret edilenden soň gelindi.
XS
SM
MD
LG