Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky protestleriň dowamynda iki polisiýa işgäri öldürildi


Birleşen Ştatlarda Kuranyň nusgasynyň otlanmagy sebäpli Kandaharda guralan protestleriň dowamynda iki polisiýa işgäriniň öldürilendigi, 20 adamyň bolsa ýaralanandygy habar berilýär.

Şenbe güni bolan protestlerde ýaralananlaryn arasynda polisiýa işgärleri, raýatlar, hatda iki sany çaga-da bar.

Kuranyň nusgasynyň otlanmagy sebäpli anna güni bolan protestlerde 10 adam öldürilipdi.

Owgan resmileri günorta şäher bolan Jalalabatda hem uly demonstrasiýanyň bolandygyny aýdýarlar.

Çaklaňja Florida ybadathanasynda Kuranyň nusgasynyň otlanmagy tutuş ýurtda gahar-gazabyň dowam etmegine sebäp boldy.

Protestler bilen bagly zorluklarda 20-den gowrak adam, şol sanda anna güni Mazari-Şerif şäherinde BMG-niň 7 daşary ýurtly işgäri hem öldürildi.
XS
SM
MD
LG