Sepleriň elýeterliligi

Aýlak Arap ýurtlary Eýranyň «gatyşmasyny» ýazgarýar


Arap döwletleriniň öňbaşçylygyndaky Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşi Eýranyň geňeşe agza ýurtlaryň işine gatyşmasyny ýazgaryp çykyş etdi.

Bu beýanat köplügi sünni Aýlak blogunyň şenbe güni Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda bolan duşuşygyndan soň ýaýradyldy.

Geňeş esasan şaýylardan durýan Eýrany Bahreýnde, şaýy demonstrasiýaçylaryň adanyň sünni monarhyna garşy protest edýän ýurdunda mezhep bölünişigini döretjek bolmakda aýyplady.

Eýran Saud Arabystanyny Bahreýne protestçiler bilen garpyşýan hökümeti goldamak üçin goşun ibermekde tankyt edipdi.

Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşiniň beýanatynda Eýranyň Kuweýtde içalyçylyk toparyny döredip, bu ýurduň işine goşulmagy hem ýazgarylýar.

Eýran häkimiýetleri Kuweýt içalçylyk topary diýilýäni ret edipdiler.
XS
SM
MD
LG