Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kuçma jenaýatda aýyplandy. Adamlar bu derňewmi ýa syýasat diýip soraýarlar


Ukrainanyp öňki prezidenti Leonid Kuçma prokuratura gelýär, Kiýew, 2011-nji ýylyň 24-nji marty.
Ukrainanyp öňki prezidenti Leonid Kuçma prokuratura gelýär, Kiýew, 2011-nji ýylyň 24-nji marty.
Geçen hepdede gazetler ukrain prokuraturasynyň öňki prezident Leonid Kuçma derňeýji žurnalist Georgiý Gongadzäni öldürdenlikde aýyplama bildirendigini habar berdiler. Ýöne ukrainalylar on ýyl mundan öň bolan waka barada indiden soň edilýän işlerde adalata garanda syýasat kän bolaýmasyn diýip soraýarlar.

Gongadzeniň kellesi kesilip, ýakylan jesedi bir aý ýarymdan soň ukrain paýtagtynyň golaýyndaky tokaýlykdan tapylypdy.
Ukrainada üsti açylmadyk syrlar geň zat däl. Ençeme ýyl geçendigine garamazdan, Wiktor Ýuşenkony kimiň zäherläni, 2004-nji ýylda “Mämişi rewolýusiýanyň” çaltlaşmagyna getiren saýlaw galplaşdyrmasyny kimiň gurnany, ýa bolmasa publisist Georgiý Gongadzäni öldürmegi kimiň buýruk bereni entegem belli däl.

31 ýaşly Gongadze 2000-nji ýylda alnyp gaçylyp, zalymlyk bilen öldürilipdi. Ýöne şondan bäri bu jenaýaty amala aşyran birnäçe ofiserden başga hiç kim sud jogapkärçiligine çekilmändi. Onsoň prokurorlaryň geçen hepde, 24-nji martda, bu jenaýatyň edilenine 10 ýyl gowrak wagt geçensoň, Kuçmany Gongadzäniň ölümi bilen ilteşiklilikde aýyplamaklary uly täzelik boldy.

Syýasy oýunmy?

Emma synçylaryň köpüsine bu bolmaly proses däl-de, eýse syýasy oýna has kän çalym edýän ýaly göründi. Prezident Wiktor Ýanukowiç 28-nji martda bu pikiri ýalana çykarmaga synandy: “Munuň hemmesi tebigy zat. Bu prosesiň syýasata öwrülýändigi hakynda myş-myş bar, ýöne olar myş-myşdan başga zat däl. Elbetde, bu Leonid Danilowiç üçin ýakymsyzdyr, oňa bu ýagdaýda hiç kimiň gözi gitmez. Ýöne bu zatlaryň bireýýäm soňlanmagy gerekdi”.

Emma Kuçmanyň aýyplanmagynyň Gongadzäniň işine gutnarnykly nokat goýjagyny öňünden aýtmak gaty kyn. Sebäbi bu derňew Kuçmanyň howpsuzlyk gullugynyň agzasy bolan Mikola Melniçenkonyň gizlinlikde elektron ýazga geçiren ýüzlerçe sagatlyk gürrüňine esaslanýar.

Melniçenkoyň ýazgylary Kuçmanyň Gongadze hakyndaky gürrüňlerini, öz golastylaryna onuň bilen haklaşmagy buýruşyny hem öz içine alýar. Melniçenko bu ses ýazgysyny 2000-nji ýylyň ahyrynda jemgyýetçilige ýetirdi. Jenaýat-derňew işleri boýunça amerikan kompaniýasy “Bek Tek” Kuçmanyňky diýilýän sesiň hakykatdanam şonuňkydygyny tassyklady.

Kuçma inkär edýär

Kuçma Gongadzäniň ölümine ilteşikliligini inkär edip gelýär. Şeýle-de ol soragda Melniçenko bilen ýüzleşmekden gaça durýar. Melniçenko öňki prezidenti wagt utmaga synanmakda aýyplaýar: “Leonid Kuçma meniň bilen ýüzleşmegi gijikdirmek üçin her bir mümkinçiligi ulanýar, şeýdip ol Ýanukowiç bilen ýüzbe-ýüz duşuşyp, oňa haýbat atmakçy”.

Melniçenko Kuçmanyň häzirki prezidenti gorkuzyp, derňewi, şol sanda Melniçenko bilen ýüzleşigi duruzmak niýetinden ugur alýandygyny hem öňe sürýär. “Şu sebäpden Kuçma sülçüleriň duşenbe güni soraga gatnaşmak barada beren buýrugyny hem ýerine ýetirmedi” diýip, Melniçenko aýdýar.

Kuçma 1-nji aprelde soraglara jogap berdi, ýöne ýeke jogap berdi. Şeýle-de ol, žurnalistler bilen ýüzbe-ýüz bolmazlyk üçin, prokuraturanyň ýeňseki gapysyndan çykyp gitdi.

Ses ýazgylary

Melniçenkonyň ses ýazgylary Kiýewiň bir topar künjegine başagaýlyk saldy. Ýazylan sesleriň içinde, korrupsiýa kerebi we jenaýatçylykly işler barada edilen gürrüňler bilen baglylykda bir topar resminiň, şol sanda häzirki premýer-ministr Mikola Azarowyň we parlament spikeri Wolodimir Litwiniň hem sesi bar.

Derňew Kuçmanyň howpsuzlyk gullugynyň agzasy bolan Mikola Melniçenkonyň gizlinlikde elektron ýazga geçiren ýüzlerçe sagatlyk gürrüňine esaslanýar.
Derňewçiler Litwine hiç hili aýyp bildirmeýändiklerini, onuň parlament spikeri hökmünde eldegrilmesizliginiň bardygyny, emma Kuçmada beýle hukugyň ýokdugyny aýtdylar.

Synçylaryň köpüsiniň, şol sanda Melniçenkonyň özüniň hem ynanjyna görä, bir zaman Kuçmanyň prezident diwanynyň başlygy bolan Litwin Gongadzäniň öldürilmeginde aýgytly rol oýnan bolmaly.

Emma syýasy analizçi Wolodimir Fesenko prokurorlaryň bu ses ýazgylaryny subutnama hökmünde öňe tutmakdan seresap bolmalydygyny aýdýar: “Litwin bu syýasy hem kanun zynjyryndaky iň gowşak baglanyşyk bolup durýar. Ol gaty kän zat bilýär, diňe on ýyl mundan öňki syýasat barada däl, şu günki syýasat barada hem köp bilýär. Ol ses ýazgylaryny Kuçmanyň garşysyna esasy delil edip ulanmak howply bolar. Hakykatda ol ýerde başga subutnama hem ýok. Bu ýerde häkimiýetleriň örän seresaply işlemekleri gerek”.
XS
SM
MD
LG