Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň belli hudožnikleriniň biri ýitirim boldy


Hytaýyň iň belli hudožnikleriniň biri Ai Weiweiniň nirededigi näbelli bolmagyna galýar.

Onuň aýalynyň aýtmagyna görä, Ai Weiwei Hong Konga gitmäge taýýarlyk görýän wagty onuň bilen soňky gezek gepleşipdir. Şondan bäri onuň nirededigi barada maglumat ýok.

Şeýle-de ýurduň polisiýasy hudožnigiň iş ýerinde gözleg işlerini geçirip, onuň kompýuterini alypdyr. Hytaýyň polisiýasy bu barada kommentariý bermekden saklanýar.

Ai Weiweiniň işleri dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Şeýle-de ol Hytaýdaky guş höwürtgesi görnüşindäki olimpiýa stadionyny dizaýn etmäge hem gatnaşypdy.

Ai Weiwei ýurduň häkimiýet başyndaky Kommunistik partiýasynynyň ýiti tankytçylarynyň biridir.
XS
SM
MD
LG