Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýaponiýa: 11,000 tonna radioaktiw suw deňze goýberiler


Duşenbe güni Ýaponiýanyň “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasynda 11,000 tonna golaý mukdarda pes derejeli radioaktiw suwuň deňze guýlup başlanandygy habar berilýär. Bu çäre has ýokary derejli radioaktiw galyndalar üçin ýer boşatmak üçin amala aşyrylýar.

Ýaponiýanyň Ýadro agentliginiň metbugat wekiliniň aýtmagyna görä, bu suwlaryň adaty şertlerde okeana goýberilmeginden öň, olaryň radioaktiwligini peseltmek boýunça işler geçiriler.

Üç hepde mundan ozal dörän heläkçilikli ýer yrnma we sunami sebäpli “Fukusimo-Daiçi” atom stansiýasyna zeper ýetipdi.
XS
SM
MD
LG