Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝHHG Gazagystanda geçirilen saýlawlary tankytlady


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýekşenbe güni Gazagystanda geçirilen prezidentlik saýlawlaryny tankytlady.

ÝHHG-niň duşenbe güni ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, ýekşenbe güni geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ozalky saýlawlarda bolan kemçilikler hem gaýtalanypdyr.

Gazagystanyň häzirki baştutany Nursoltan Nazarbaýew bu saýlawlarda ýene-de bäş ýyllyk prezidentlik möhletini gazandy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatyna görä, 70 ýaşly Nazarbaýew sesleriň 95,5 prosentini alypdyr.
XS
SM
MD
LG