Sepleriň elýeterliligi

Liwiýanyň baş diplomaty Türkiýä sapar edýär


Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkiýä sapar edýär. Bu saparyň dowamynda Liwiýada gozgalaňçylar bilen Muammar Kaddafiniň tarapdarlarynyň arasyndaky çaknyşyklary bes etmek barada maslahat ediler.

Mundan öň, ýekşenbe güni, Liwiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Abdelati Obeýdi Gresiýanyň daşary işler ministri Dimitris Droutsas bilen Afinyda gepleşik geçirdi.

Geçen aý liwiýalylar Muammar Kaddafiniň 40 ýyla çeken häkimiýetine garşy protestlere başlany bäri, ýurtda hökümetiň tarapdarlary bilen garşydaşlarynyň arasyndaky ganly çaknyşyklar dowam edýär.

Duşenbe güni gozgalaňçylaryň döreden “Milli geçiş geňeşini” Italiýa ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG