Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýemende esgerler protestçilere garşy ot açdylar


Duşenbe güni Ýemeniň günorta şäheri Taizde esgerler protestçilere garşy ýaraglardan ot açdylar.

Protestçiler ýurda 32 ýyl bäri prezidentlik edip gelýän Ali Abullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýärler.

Keselhana işgärleriniň we şaýatlaryň aýtmagyna görä, duşenbe günündäki ok atyşlykda azyndan 12 adam ölüpdir, onlarça adam ýaralanypdyr.

Ýemeniň beýleki käbir şäherlerinde hem ýörişler geçirildi.

Berilýän maglumata görä, Hudaida şäherinde hem polisiýa protestçilere garşy göz ýaşardyjy gaz ulanypdyr we ýaraglardan ot açypdyr.

Ýemende prezident Salehe garşy birnäçe hepde bäri dowam edip gelýän protestlerde 50 töweregi adamyň öldürlendigi barada habar berilýär.
XS
SM
MD
LG