Sepleriň elýeterliligi

Daşoguzdaky aýallar türmesi barada hasabat taýýarlandy


Norwegiýanyň Helsinki komiteti Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýerleşýän aýalar türmesindäki ýagdaýlar barada hasabat taýýarlady.

Bu hasabatyň ýaýradylmagynyň maksatlary barada Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň maslahatçasy Iwar Deýl Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Adam hukuklaryny goraýjy guramalara Türkmenistanyň türmelerine baryp, olaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek heniz hem mümkin däl. Biz türkmen hukuk goraýjy aktiwistleri bilen işleşip, Türkmenistanyň demirgazygyndaky aýallar türmesi barada maglumat ýygnadyk. Biz bu hasabatyň üsti bilen bu türmedäki aýallaryň ýagdaýlary barada ilkinji maglumaty bermäge synanyşdyk”.

Bu hasabat türmede saklanýan 2,000 töweregi zenanyň gündelik durmuşy, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we gynamalary barada maglumat berýär .

Hasabat giň halkara jemgyýetçiligine ýaýradylyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komitetiniň 46-njy gözden geçiriş sessiýasyna hem ugradylar.

XS
SM
MD
LG