Sepleriň elýeterliligi

“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” saýlanylýar


Aşgabadyň atçylyk-sporty toplumynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi.

Ýekşenbe güni geçirlen bu bäsleşik “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleri, ýurduň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan gurnaldy.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ahalteke bedewleriniň 80-si bäsleşdiler. Emin agzalary bedewleriň gözelligini ähli ölçegler boýunça kesgitläp, olaryň arasyndan 20-sini saýlap aldylar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Birinji tapgyrda ýeňiş gazanan bedewler bäsleşige dowam ederler.

Geçen ýyllarda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyna Şekilli we Görkli atly bedewler eýe bolupdylar.
XS
SM
MD
LG