Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawlary kim geçirýär?


Baýryýew: "Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik şertlerinde saýlawlaryň azat-erkinligi, netijesi olary kimiň geçirýängine görädir".
Baýryýew: "Meniň pikirimçe, Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik şertlerinde saýlawlaryň azat-erkinligi, netijesi olary kimiň geçirýängine görädir".
Azat-erkin saýlawlar demokratiýanyň esasy sütünleriniň biri bolmak bilen, jemgyýetde adalatyň, kanunçylygyň berkarar bolmagyna ýardam berýän ygtybarly serişdedir. Şeýle saýlawlara bäsdeşlik, deňhukuklylyk mahsus bolup, olar wagtly-wagtynda geçirilip durulmaly.

Kanunlarda kesgitlenen möhletlerde Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary wagtly-wagtynda garaz geçirilýär. Dogry, Nyýazowyň ömürlik prezident diýlip yglan edilmegi zerarly bu düzgüniň gödek bozulmagyna-da ýol berildi.

Ýöne, meniň pikirimçe, Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik şertlerinde saýlawlaryň azat-erkinligi, netijesi olary kimiň geçirýängine görädir.

Eýsem prezidentiň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň konstitusion möhletlerde Mejlis tarapyndan yglan edilýän saýlawlaryny kim geçirýär? Olary esasan merkezi we ýerli häkimiýetleriň geçirýändigini aýtsam, hakykatdan daş düşmerin.

Muňa nähili delilim bar? Ozaly bilen, ýerine ýetiriji häkimiýete-de ýolbaşçylyk edýän döwlet baştutanynyň permanlary, kararlary bilen döredilýän merkezi saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky komissiýanyň düzümini ýerine ýetiriji edaralaryň wekilleriniň, welaýat häkimleriniň orunbasarlarynyň düzýändigi ýalana çykaryp bolmajak delildir.

Bu ýagdaý welaýat, şäher, etrap derejesinde-de gaýtalanýar. Saýlaw komissiýalarynyň düzümine olardan başga Demokratik partiýanyň, hökümete garaşly jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň girizilmegi-de saýlawlaryň geçirilişiniň adalatly, azat-erkin bolmagyna ýardam etmeýär. Saýlawlary geçirmegiň guramaçylyk işleriniň hem ýerine ýetiriji häkimiýetler tarapyndan amala aşyrylmagy-da saýlawlaryň demokratik esasyny ýoga çykarýan faktorlaryň biridir. Häkimiýetler ilatyň öz saýlamak we saýlanmak hukugyna biperwaý garamaklaryndan-da başarnykly peýdalanýarlar. Şeýlelikde saýlawlary geçirýänem, saýlaýanlaram, saýlanylýanlaram häkimiýetiň bir şahasynyň wekilleri bolýar.

Halkyň ynamyndan peýdalanýan, halka daýanýan, halkyň razylygy bilen döwleti dolandyrýan häkimiýetiň, hökümetiň döredilmegi üçin saýlawlaryň azat-erkin bolmagyny, olary geçirmäge jemgyýetçiligiň giňden gatnaşmagyny gazanmak zerurdyr. Saýlawlar halka höküm etmek däl-de, halka hyzmat etmek hukugyny gazanmak ugrundaky syýasy bäsleşik bolmalydyr.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG