Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda Gurbansoltan ejäniň adyny göterýän «Bagt öýi» ýerleşýär.

Änew tarapdan gelýän ýola birleşip, demir ýoluň gyrasyny syryp, şäheriň günbataryna tarap uzap gidýän bu ýoly timarladyp, uzaldyp, birnäçe öýleriň ýykylmagy bilen giňeldip, soňra oňa öz ejesiniň adyny dakyp gideniň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowdygyny entekler türkmenler ýatlaryndan çykarmadyk bolsalar gerek. Saparmyrat Nyýazow şol ýoluň ugrunda, şäher wokzalyndan at gaýtarymlyk günbatar tarapda döwrebap, kaşaň bina gurduryp, oňa şäher ZAGS-ny göçüripdi. Oňa hem öz ejesi Gurbansoltan ejäniň adyny dakyp, «Bagt öýi» diýip atlandyrypdy.

Resmi ýagdaýda «Raýatlyk ýagdaýynyň namalar ýazgysy» diýlip atlandyrylsa-da, ilat arasynda ZAGS adyna meşhur bolan bu ýer — ýaşlaryň resmi ýagdaýda nikalaşýan ýeri, ýagny nika öýi. Nika öýüni soňky döwür «Bagt öýi» diýip hem atlandyryp ugradylar. Belki-de, goý, bu ýerde nikalaşýanlaryň barysy bagtly bolsun!

Bu ýerde nikalaşyp gidýänleriň ýaşaýşynyň nähilidigini-hä bilemok, ýöne «Bagt öýüne» maňlaý dirän ilkinji pursadyňda welin, bagta ýetmek aňsat däl.

Diňe nobat

Her bir gapyda tükeniksiz nobat. Nobatlaryň aşa köplügi sebäpli, toýdan öň nika baglaşmaly ýaş juwanlaryň köpüsi nikalaşmagy toýdan kän soňa goýýarlar. Gaty kän adamlar nikadan wagtynda geçip bilenok. Merhumyň ýogalanlygy baradaky haty aljaklar hem şu ýerde, ýaş çaga dogluş hakyndaky şahadatnama aljaklar hem şu ýerde, nikalaşjaklar hem şu ýerde, nika bozanlar hem şu ýerde, nikadan geçmänligini tassyklatjaklar hem şu ýerde, nika şahadatnamasyny ýitirenler hem şu ýerde, garaz, nobata duranlary sanasaň, sogaby bar.

Nobata duranlaryň sany 200-300 adama ýetensoň, gaýdyp nobat bellemeli däldigini duýdurýarlar. Gyşyna aýaz, tomsuna dymyk podwalda ilki gerekli sprawkany almak üçin dokument tabşyrmaga nobata durmaly. Soňra taýýar bolan sprawkany almak üçin nobata durmaly. Hatda ýekeje bir sowala jogap almak üçin hem nobata durmaly. Diňe nobat. Garrylar, öýlerinde emzikli bäbeklerini goýup gaýdan ýaş gelinler, işe howlugýan işgärler, gyk-da baklyk.

Nobatyň sebäbi

Şeýle köp nobatyň bolmagynyň ilkinji sebäpleriniň biri «Bagt öýi» hepdäniň ähli gününde doly işlänok. Hepdäniň belli günleri, ýa-ha günorta naharyna çenli, ýa-da nahardan soň işleýär. Çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamalary bir wagtlar hut çaga dogrulýan öýlere, ýaş eneleriň özlerine eltilip gowşurylardy, indi adamlary ondan-oňa ylgadyp ýörler. Dokumentdir sprawkalar üçin ýüz tutulýan ýerler iş hepdesiniň ähli günlerinde doly işlemese, örän gözgyny ýagdaýlar ýüze çykýar.

Paýtagtda, dagyň eteginde ýene bir «Bagt öýi» guruljak diýen maglumatlar bar. Belki, täze «Bagt öýünde» bu problemalaryň çözgüdi tapylsyn-da!

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG