Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Kongoda ýykylan uçarynda 32 adam öldi


Birleşen Milletler Guramasy Kongo demokratik respublikasynda heläkçilige uçran uçarynda bir adamyň aman galandygyny, 32 adamyň, şol sanda BMG işgärleriniň we parahatçylyk goragçylarynyň hem ölendigini yglan etdi.

Duşenbe güni Kinşasada bolan heläkçilik BMG-niň işgärleriniň ýolagçylygy bilen bagly iň agyr hadysalaryň biri hökmünde häsiýetlendirildi.

Şaýatlar Kisangani şäherinden uçup gelen uçaryň agyr ýagyş astynda Kinşaza uçar meýdanynda gonjak bolanda heläkçilige uçrandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG