Sepleriň elýeterliligi

Ahmedinajad arap döwletleriniň tankydyny ret edýär


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad goňşulykdaky arap döwletleriniň Tährany Bahreýn we Kuweýt döwletleriniň içki işlerine «gödek gatyşmada» aýyplap eden tankydyny ret etdi.

Ahmedinejad alty agzaly Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşiniň ýekşenbe güni eden tankydy Birleşen Ştatlaryň we onuň ýaranlarynyň basyşynyň netijesi diýdi.

Aglabasy sünni bloga degişli Aýlak hyzmatdaşlyk geňeşi ýekşenbe güni Riýadda geçiren nobatdan daşary duşugyndan soň Eýranyň Bahreýnde mezhep agzalalygyny döretjek bolýandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol Tährany Kuweýtde içalyçylyk toparyny döretmekde aýyplamak bilen, Eýranyň Kuweýtiň işine gödek gatyşmasyny ýazgardy.
XS
SM
MD
LG