Sepleriň elýeterliligi

Bakuwly aktiwistler «jemgyýetçilik tertibini bozmakda» aýyplanýar


Azerbaýjan prokurorlary oppozisiýanyň tanymal aktiwistleriniň dördüsiniň «jemgyýetçilik tertibini bozmakda» aýyplanandygyny aýdýar.

Bu aýyplama Bakuwda hepde ahyrynda geçirilen we polisiýa tarapyndan dargadylan ygtyýar berilmedik demonstrasiýa bilen bagly.

Aýyp bildirilen dört aktiwistiň hemmesi Azerbaýjanda esasy oppozision hereket bolan “Halk forontuna” we “Musawat” partiýalaryna degişli.

“Musawat” partiýasynyň lideri Isa Gambar bu aýyplamalaryň düýpden manysyzdygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň Içeri işler ministrligi şenbe güni polisiýa Bakuwyň merkezi meýdançasyny baglanda we planlaşdyrylan ýygnanyşygyň öňüni almak üçin demonstrasiýaçylary tutanda 75 protestçiniň tussag edilendigini aýdýar.

Azerbaýjanda demokratiki hukuklaryň we söz azatlygynyň ýokdugyndan şikaýat edýän oppozisiýa partiýalary 200 çemesi adamyň tussag edilendigini we olaryň saklanýan ýeriniň belli däldigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG