Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan türk Internet howpsuzlyk firmasyny hakyna tutýar


Türkmenistan türk Internet howpsuzlygy firmasy “Helýumyň” täze müşderileriniň biri boldy. Bu habary “Helýum” kompaniýasynyň baş dolandyryjysy anna güni bolan metbugat ýygnagynda yglan etdi.

Türkiýäniň “Hürriýet” gazetiniň habar bermegine görä, Helýumyň bir şahasy bolan “Trend micro” öz howpsuzlyk önümlerini demirgazyk Kiprdäki, Azerbeýjandaky we Türkmenistandaky alyjylara teklip eder. “Hürriýet” bu habary Helýum kompaniýanysynyň baş dolandyryjysy Murat Göçe salgylanyp ýaýratdy.

Täze müşderiler bilen baglaşylan şertnamalar “Helýum” kompaniýasyna “Trend micro” arkaly öz bazar paýlaryny artdyrmaga şert döreder diýip, Göçe sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de “Helýum” Türkmenistanda, Azerbeýjanda we demirgazyk Kiprde öz söwda edaralaryny açmagy planlaşdyrýar. Bu iş 2014-nji ýyldan öň amala aşyrylar.

“Helýum” kompaniýasynyň geçen ýylky söwda dolanşygy 1 milliard dollardan gowrak boldy. Häzir kompaniýanyň 4 müňden gowrak işgäri bar.
XS
SM
MD
LG