Sepleriň elýeterliligi

Yslamabat britan PM-niň Pakistana sapar etjegini aýdýar


Pakistan Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameronyň şu gün Yslamabada sapar etjegini aýdýar.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi Kameronyň premýer-ministr Ýusuf Raza Gilaniniň çakylygy bilen bir günlük sapara geljegini aýtdy.

Bu planlaşdyrylan sapar Kameronyň Hindistanda Pakistandaky elementler «terror eksportyny» ilerledýär diýip, diplomatiki dawa goşulmagyndan dokuz aý soň amala aşyrylýar.

Geçen awgustda Londonda bolan gepleşiklerden soň, Kameron we Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari öz ýurtlarynyň arasyndaky baglanyşygyň aýrylmazdygyny nygtadylar.
XS
SM
MD
LG