Sepleriň elýeterliligi

Yrak Eýrana uruşda öldürilen 17 esgeriň jesedini berýär


Yrak 1980-88-nji ýyllarda iki ýurduň arasynda bolan uruşda öldürilen esgerleriň 17-siniň jesedini Eýrana gowşurdy.

Jesetleriň gowşurlyşy Halkara Gyzyl haç komitetiniň gözegçiliginde, günorta Yragyň serhet şäheri bolan Basradaky araçäk geçelgesinde amala aşyryldy.

Yragyň lideri Saddam Hüseýin häkimiýetden agdarylandan soň, Yrak we Eýran berk söwda hem syýasy gatnaşyklary ýola goýmak bilen, iki tarapdan bir million çemesi adam öldüren urşuň ýaralaryny bitirmek ugrunda hem tagalla edip başladylar.

Iki ýurduň hökümeti 2008-nji ýylda henize çenli tapylmaýan onlarça müň söweşijini agtaryp tapmak hakynda şertnama baglaşdy.
XS
SM
MD
LG