Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýuriý Gagariniň hormatyna Kosmos gämisi uçuryldy


Orsýetiň «Soýuz» kosmos gämisi şu gün Gazagystandaky Baýkonur uçuş merkezinden Halkara Kosmos stansiýasyna tarap ugur aldy.

Kosmos gämisinde iki sany kosmonawt we amerikaly astronom hem kosmosa uçdy.

Daňyň alagaraňkysyndaky uçuş Aşgabat wagty bilen 04:18-de boldy. Bu missiýa ilkinji bolup mundan 50 ýyl öň Kosmosa uçan Ýuriý Gagariniň hormatyna geçirilýär.

«Soýuz» kosmos gämisiniň üstündäki kosmonawtlar Aleksandr Samokutýaýew, Andreý Borisenko we amerikaly astronom Ron Garan Erden iki günlük ýoldan baryp, Kosmos stansiýasyndaky beýleki ekipaž agzalyryna goşulmaly.
XS
SM
MD
LG