Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sözçi: Kaddafi özgerişliklere açyk, ýöne lideriň ykbalyny liwiýalylar çözmeli


Muammar Kaddafiniň sözçüsi Kaddafi Liwiýada saýlawlaryň geçirilmegine we ýurduň syýasy sistemasynyň reforma edilmegi baradaky pikire açyk, ýöne ol Kaddafiniň ýurt baştutanlygyndan gidip-gitmezligini liwiýa halky çözmeli diýýär diýdi.

Sözçi Mussa Ibrahim Liwiýa daşardan goýulýan şertleri kabul etmez diýdi. Günbatar ýurtlary Kaddafini häkimiýetden çekilmäge çagyrypdylar.

Emma sözçi ýurduň gündogaryndan ýaragly pitne bilen ýüzbe-ýüz bolan Kaddafi režiminiň indi has köp demokratiýanyň, açyklygyň, metbugat azatlygynyň we korrupsiýa garşy kanunlaryň bolmagyna niýetlenen teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG