Sepleriň elýeterliligi

Liwiýadaky graždanlyk urşy çykalgasyz ýagdaýda


Brega şäherine tarap ilerläp barýan söweşijiler şäheriň gündogar çetinde artilleriýanyň hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz boldular, 5-nji aprel.

Brega şäherine tarap ilerläp barýan söweşijiler şäheriň gündogar çetinde artilleriýanyň hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz boldular, 5-nji aprel.

Liwiýada oppozision söweşijiler şu gün hem nebitli şäher Bregany almaga synanyşyp, şäheriň dürli ýerlerinde pozisiýa eýelediler. Ýöne ilerläp barýan söweşijiler şäheriň gündogar çetinde artilleriýanyň hüjümleri bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Liwiýada barýan graždanlyk urşy häzir bir çykalgasyz ýagdaýa uçrady. Taraplaryň hiç biri aýgytly ilerläp bilenok. Ýurduň kenarýaka etraplarynda ýerleşýän möhüm şäherleri bir gezek bu tarap, bir gezek hem ol tarap alýar. Ençeme gezek Bregadan aňry geçen oppozision söweşijileri Kaddafiniň güýçleri yzyna serpikdirdiler. Ýöne režimiň adamlary güýçli, san taýdan köplük bolsalar-da, guramaçylygy pes oppozision söweşijileri ymykly ýeňip bilenok.

Çet ýurtlardan gowy ýarag alyp, dürli döwletler tarapyndan urulýan howa zarbalarynyň dowam etmegi indi oppozisiýanyň möhüm strategik we diplomatik makasadyna öwrüldi.

Ali Süleýman Aujali oppozisiýanyň “Milli geçiş geňeşiniň” resmi wekili. Ol duşenbe güni Waşingtonda bolup, oppozisiýanyň Kaddafini häkimiýet başyndan aýyrmagy üçin harby kömek sorady. Ol bu meselede şeýle diýdi: “Howadan urgulýan zarbalar möhüm. Biz uçuş gadagan zonany gorap, bu işiň tamamlanmagy üçin koalisiýany agzybir saklamaly. Režime garşy söweş alyp barýan Liwiýa halkyna, elbetde, türgenleşik gerek, ok-däri gerek, ýarag gerek. Ilerlemek üçin olara şu zatlar hökman”.

Aujaliniň aýtmagyna görä, oppozision söweşijiler Liwiýa topragynda özlerine çet ýurtlarlylaryň kömek bermegini häzirem islänoklar. Olar Kaddafini häkmiýet başyndan özleri aýyrmak isleýärler.

“Bize bu adamdan dynamaga wagt boldy. Liwiýa halkyna bir şans berip, özleriniň ýurdy dolandyrmagyny umyt etmegine wagt boldy. Arkaýyn boluň, Kaddafiniň garşysyna galan adamlar ýönekeý liwiýalylar: mugallymlar, professorlar we studentler. Olar bu režimden ejir çekip, halys iren adamlar. Olara kömek gerek, goldaw gerek” diýip, Aujali aýtdy.

Halkara arkalaşyk oppozision söweşijileri ýarag bilen üpjün etmekde ikirjiňlense-de, gozgalaňçlyar Ýewropadan ýene bir diplomatik goldaw aldylar. “Milli geçiş geňeşini” indi Italiýa hem ykarar etdi. Ozal bu işi eden diňe Fransiýa bilen Katardy.

Boýun egerli däl

Ýöne Kaddafiniň režimi boýun egerli däl. Tripolide Kaddafiniň sözçüsi onuň wezipe başyndan çekilme niýetiniň ýokdugyny, ýöne saýlawlara we Liwiýanyň syýasy sistemasyny reformirleme pikiri üçin welin, açykdygyny bildirdi.

Mussa Ibrahim: “Kaddafiniň režimi daşardan goýulýan şertleri, şol sanda halkara jemgyýetçiliginiň onuň häkimiýet başyndan aýrylmagy baradaky talaplaryny-da kabul etmez” diýdi.

“Kaddafiniň Liwiýa üçin bir simwoliki ähmiýeti bar. Liwiýa nähili dolandyrylýar - ol başga mesele. Ýurtda nähili syýasy sistema bar - ol hem başga mesele. Bu zatlar barada gürleşip bolar. Biz gürleşip bileris. Saýlawlar hem, reformalar hem bolup biler, ähli zat bolup biler” diýip, Ibrahim aýtdy.

Bu aralykda Kaddafiniň ogly Seýf al-Yslam BBC telekanalyna beren bir interwýusynda britan resmileriniň Liwiýanyň Londona gaçyp atan öňki daşary işler ministri Musa Kusa Kaddafiniň režiminiň garşysyna beýanat bermegi üçin basyş edilýändigini aýtdy. Seýf al-Yslam sişenbe güni: “Saglyk ýagdaýy sebäpli Liwiýany terk etmegi üçin Kusa rugsat berildi. Ol öz watanyna dönüklik edenok” diýdi.

Kusa öten çarşenbe güni Tunisiň üsti bilen Britaniýa bardy.
XS
SM
MD
LG