Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan hökümetiniň 2009-njy ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komitetine beren hasabatynda tene şikes ýetirýän jezalandyrmalar Türkmenistanyň kanunçylygyna görä, adam mertebesiniň kemsidilmesidir, şeýle-de türmedäki şertler tussaglykdaky adamyň janyna we saglygyna zyýan ýetirmejek derejede bolmaldydyr diýlip nygtalýar.

Emma halkara gözegçilerine uzak wagtdan bäri Türkmenistanyň türmelerine baryp, ol ýerlerdäki şertleri synlamaga, öwrenmäge rugsat berilmeýändigini ençeme halkara guramalary öwran-öwran aýdyp gelýärler.

Düýbi Osloda ýerleşýän Norwegiýanyň Helsinki komiteti Türkmenistanyň demirgazyk welaýaty Daşoguzyň aýallar türmesindäki tussaglaryň ýagdaýlary barada hasabat ýaýratdy. Hasabatda türmede saklanýan aýallaryň gündelik durmuşy, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we gynamalary aç-açan görkezilýär.

Osloda ýerleşýän Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň maslahatçasy Iwar Deýl
Komitetiň maslahatçasy Iwar Deýl bu hasabat barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Soňky wagtlarda Türkmenistanyň häkimiýetleri biznes pudagynda, hususanam ugleworod serişdeleri boýunça iş alyp barýanlary, şeýle-de günbatar döwletleriniň diplomatlaryny ýurda gelmäge çagyrýarlar. Ýöne, muňa garamzdan, adam hukuklaryny goraýjy guramalaryna welin, Türkmenistana gelip, ýagdaýlara gözegçilik etmek, asla mümkin däl diýen ýaly”.

Deýliň aýtmagyna görä, Norwegiýanyň Helsinki komiteti Türkmenistanyň demirgazygynda ýerleşýän aýallar türmesi baradaky maglumaty Türkmenistanyň hukuk goraýjy aktiwistleri bilen bilelikde işläp ýygnapdyr. Komitet bu hasabatyň üsti bilen bu türmede tussaglykda saklanýan aýallaryň ýagdaýlary barada anyk maglumatlary bermäge synanyşýar.

40 ýyl ozal döredildi


Daşoguzdaky aýallar koloniýasy, entek Sowet zamanynda, mundan 40 ýyl töweregi ozal döredilipdi. Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň, bu koloniýa aýallar türmesi hökmünde ulanylyp başlandy. Resmi taýdan tassyklanylmadyk maglumata görä, 2010-njy ýylda bu türmede binalaryň sany hem artdyrlypdyr.

Hasabatda nygtalmagyna görä, bu türmedäki tussaglaryň sany 90-njy ýyllardan bäri kem-kem artýar. Ýagny, 1997-nji ýylda tussaglaryň sany 223 bolan bolsa, bu 1999-njy ýylda 500, 2004-nji ýylda 2,200, 2005-nji ýylda bolsa olaryň sany 2,400-e ýetipdir.

Türkmenistanda geçirilýän günä geçişliklere garamazdan, 2000-nji ýyllardan bäri Daşoguzyň aýallar türmesindäki tussaglaryň sanynyň 2,000-den aşak düşen gezeginiň bolmandygy Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň ýaýradan hasabatynda bellenilýär.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, türmedäki adamlaryň sany bolmalysyndan juda köp. Adynyň tutulmagyny islemedik, Daşoguzyň aýallar türmesinde oturyp çykan zenan bu ýagdaý barada şeýle gürrüň berýär: “8-9 däl, ol ýerde her jaýda 50, 45, 36 adam ýatýar. Aýak aşagynda-da adamlar ýatýar”.

Aýallar şeýle ýagdaýlar sebäpli ýerde, polda ýatyp-turýandyklaryny aýdýarlar. Şaýatlar tussag kameralarynda hatda wentilýasiýanyň we ýyladyş sistemanyň hem kadaly gurnalmandygyny tassyklaýarlar.

Korrupsiýanyň derejesi

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň hasabatynda bellenmegine görä, Daşoguz welaýatyndaky aýallar türmesinde korrupsiýanyň derejesi hem juda ýokary. Türme işgärleriniň arasynda para almaýanlar ýok diýen ýaly, şeýle-de türmedäki her bir “hyzmat” üçin aýratyn töleg, baha bar.

Şeýle tendensiýanyň Türkmenistanyň beýleki türmelerinde-de bardygyny tassyklap, Lebap welaýatynyň Seýdi türmesinde oturyp çykan Ylham şeýle gürrüň berýär: “Puluň bolmasa, hiç kim ýüzüňe-de seredenok. Eger-de kamerada ýagdaýyň bolsa, öýüňden telewizor getirip, arkaýyn görüp bolýar. Pul bolsa, telewizor görüp, magnitofon diňläp ýatmaga rugsat berilýär”.

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň Daşoguzdaky aýallar türmesindäki ýagdaýlar barada ýaýradan hasabatynda, bu türmedäki tussag aýallara garşy dürli gynamalaryň ulanylýandygy-da nygtalýar.

Öňki tussaglaryň aýtmagyna görä, bu türmede 2005-nji ýyla çenli tussaglary zorlamak we gynamak giňden ýaýrapdyr. Kähalatlarda sakçylaryň tussaglary tä ölinçä ýenjendikleri barada hem maglumat bar. Şeýle ýagdaýlarda türme resmileri tussaglaryň başga sebäplere görä ölendikleri barada tassykama taýýarlapdyrlar.

Daşoguzyň aýallar türmesindäki naharlaryň hili barada, bu türmäniň öňki tussaglarynyň biri şeýle gürrüň berýär: “Iýmit ýagdaýy kyn. Berilýän kaşa durşuna hamyr bolup dur. Naharlaryň üsti durşuna gurçuk bolup dur”.

Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň ýaýradan bu hasabatynyň diňe bir jemgyýetçilige maglumat bermek bilen çäklenmejekdigini bu Komitetiň maslahatçysy Iwar Deýle aýdýar: “Bu hasabat BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň 46-njy gözden geçiriş sessiýasyna hem ugradylar. Bu gurama şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň meselesine seretmekçi. Munuň bilen baglylykda başga-da birnäçe guramalar öz hasabatlaryny ýolladylar”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG