Sepleriň elýeterliligi

Gbagbonyň güýçleriniň boýun egmegi maslahatlaşylýar


Birleşen Milletler Guramasynyň we Fransiýanyň aýtmagyna görä, Kot d’Iwuarda prezident Larurent Gbagbo ygarly generallaryň doly boýun egmegi barada gepleşikler geçirilýär.

Häzir Gbagbo öz maşgalasy bilen Abidjandaky rezidensiýasynyň bunkerinde gizlenýär.

Duşenbe güni BMG-niň we Fransiýanyň wertolýotlary Gbagbonyň Abidjandaky berkitmelerine ot açypdylar.

BMG-iň berýän maglumatyna görä, Gbagbonyň güýçleri BMG-niň işgärlerine we asuda ilata hüjüm edipdirler.

Bu aralykda, Afrika Bileleşigi Guramasynyň başlygy Teodoro Obiang Nguema Kot d’Iwuara we Liwiýa harby interwensiýany ýazgaryp, çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG