Sepleriň elýeterliligi

Ýemende ýaragly adamlar protestçilere ot açdy


Sişenbe güni Ýemeniň günortasyndaky Taiz şäherinde esgerler we eli ýaragly graždan eşigindäki adamlar hökümete garşy protestçilere ýaraglardan ot açdylar.

Şaýatlaryň aýtmagyna görä, bu wakada ençeme adam ýaralanypdyr. Ölenler barada entek maglumat gowuşmady.

Duşenbe güni bu ýurtdaky dörän çaknyşyklarda 19 adamyň öldürlendigi we ýüzlerçe adamyň hem ýaralanandygy habar berilýär.

Çaknyşyklaryň ýurduň Hudaida şäherinde hem dörändigi aýdylýar.

Fewral aýynda Ýemeniň prezidenti Ali Abdullah Salahe garşy protestler başlanany bäri 150 adam öldürildi we müňlerçe adam ýaralandy.
XS
SM
MD
LG