Sepleriň elýeterliligi

Britaniýanyň premýer-ministri Pakistana bardy


Sişenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron Pakistana bardy.

Bu saparyň dowamynda premýer-ministr Kameron iki ýurduň arasynda “sarsmaz” binýadyň bardygyny aýtdy.

Pakistanyň premýer-ministri Yusuf Raza Gilani bilen geçirlen gepleşiklerden soň gurnalan metbugat konferensiýasynda Kameron Yslamabadyň yslamçy ekstremist toparlaryna garşy alyp barýan göreşini goldady.

Bu Deýwid Kameronyň geçen ýylyň maýynda hökümet baştutanlygyna geçeninden soň Pakistana edýän ilkinji resmi saparydyr.
XS
SM
MD
LG