Sepleriň elýeterliligi

Owganystanyň paýtagty Kabulda protest geçirildi


Owganystanda Birleşen Ştatlaryň Florida ştatyndaky ybadathanada Gurhanyň ýakylmagyna garşy protestler dowam edýär. Bu protestleriň bäşinji günüdir.

Sişenbe güni paýtagt Kabulda ýüzlerçe student uniwersitetiň töwereginde ýygnandy. Olar “Gurhany otlanyň jezalandyrylmagyny isleýäris” diýen şygarlary hem gygyrdylar.

20-nji martda Gurhanyň ýakylmagyna garşy protestler bilen bagly zorluklarda azyndan 22 adam, şol sanda BMG-niň 7 daşary ýurtly işgäri hem öldürildi.
XS
SM
MD
LG