Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjanda oppozisiýa garşy çäreler berkdilýär


Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda 2-nji aprelde geçirilen hökümete garşy demonstrasiýa häkimiýetler tarapyndan rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy. Hökümete garşy bu ýöriş “Halk palatasy” atly opposizion topar tarapyndan gurnaldy.



Baku şäheriniň merkezinde hökümete garşy demonstrasiýany geçirmäge synanyşan onlarça oppozisiýa wekili 2-nji aprelde tussag edildi. Protestçiler “Bize azatlyk gerek!”, “Ylham, git!” diýen ýazgyly şygarlary göterip, “wezipäňden çekil” diýip gygyryp, köçä çykdylar.

Gazaply daradylar

Polisiýa işgärleri merkezi “Fontan” meýdançasyny ýapyp, oňa alyp barýan köçeleri awtobuslar bilen petiklediler. Göz ýaşadyryjy gaz, rezin okly tüpeň bilen ýaraglanan polisiýa işgärleri protestçileri rehimsizlik bilen dargadyp, olardan onlarçasyny, şol sanda aýal-gyzlary zorluk bilen awtobuslara salyp, alyp gitdiler.

Bakuwda 2-nji aprelde geçirilen hökümete garşy demonstrasiýa rehimsizlik bilen basylyp ýatyryldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy polisiýa işgärleriniň awtobusa salnan aktiwistleriň ýüzlerine göz ýaşardyjy gazy sependiklerini görendigini habar berdi. Şeýle hem polisiýa işgärleriniň, žurnalistler dünýa jemgyýetçiligine bu waka barada habar ýetirip bilmez ýaly, olaryň hereketleriniň çäklendirilendigi aýdylýar. Protestiň barşynda žurnalistleriň biriniň tussag edilendigini Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugynyň habarçysy aýtdy.

2-nji apreldäki ýöriş birnäçe oppozision partiýalardan ybarat bolan “Halk palatasy” tarapyndan gurnaldy. Bu topar Bakuwyň merkezinde ýöriş geçirmek üçin rugsat almaga synanşypdy. Emma häkimiýet başyndakylar oppozision topara ýöriş geçirmäge rugsat bermän, eýse ony Bakuwyň eteginde geçirmäge idin berdi.

Baku şäheriniň polisiýasy bu mesele bilen bagly “Associated Press” habar gullugyna beren maglumatlarynda protesti gurnaýjylaryň polisiýa çagyrylyp, olara diňe rugsat berlen ýerlerde ýörişiň geçirilmelidigini berk tabşyrylandygy aýdylýar.

Azerbeýjanyň içeri işler ministri Ramil Usubow halka ýüzlenip, “radikal oppozisiýanyň rugsatsyz geçirýän” çäresine goşulmazlyga çagyrdy.

2-nji apreldäki demonstrasiýalardan soň, Azerbaýjanda birnäçe oppozision aktiwistler tusssag edildi, “Azatlyk” atly azerbaýjan oppozisiýasynyň Internet saýty bolsa petiklendi.

Halkara reaksiýalar

Adam hukuklaryny goraýan guramalar Azerbaýjandaky bu tutha-tutluklary ýazgaryp çykyş etdiler.

Azerbaýjan häkimiýetleriniň arap ýurtlaryndaky ýaly protestleriň öňüni almak üçin oppozision aktiwistleri tussag etmekleri bilen bagly Nýu Ýorkda ýerleşýän “Human Rights Watch” guramasy 1-nji aprelde ýörite beýanat ýaýratdy. Bu guramanyň Ýewropa hem Merkezi Aziýa bölüminiň ýerine ýetiriji direktory Reýçel Denwer Azerbeýjan häkimiýetleriniň Ýakyn Gündogar hem Demirgazyk Afrikadaky wakalaryň ýurtda gaýtalanmazlygy üçin oppozision aktiwistleriň asuda ýygnanyşyklaryna ýol bermejeginiň anykdygyny belledi.

“Häkimiýet başyndakylar tankytçylary gürletmezlik üçin akyla sygmajak usullardan peýdalanýarlar. Bu bolsa Azerbaýjanyň adalat sistemasynyň abraýyny gaçyrýar. Bu tutda-baslyk eglenmezden bes edilmeli” diýip, Denwer belledi.

Adam hukuklary boýunça “Amnesty International” guramasy Azerbaýjandaky amerikan ilçihanasy bilen bir hatarda häkimiýetleriň oppozisiýa garşy ýowuz daramagyny ýazgardylar.

Azerbaýjanyň oppozisiýasy bolsa arap ýurtlaryndaky ýagdaýlaryň täsiri netijesinde geljekde entek köp demonstrasiýalaryň geçiriljekdigini aýdýar. Azerbaýjan “Halk Fronty” atly partiýanyň lideri Ali Kerimi, polisiýanyň basyşyna garamazdan, 2-nji aprelde köçä çykan adamlaryň häkimiýetleriň ýöredýän syýasaty babatda öz nägileligini bildirendiklerini Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugy bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

“Bolup bilmez”

Emma Azerbaýjanyň resmileri Azerbaýjanda halk rewolýusiýasynyň bolup bilmejekdigini aýdýarlar. Prezident Alyýewiň edarasynyň syýasy hem sosial işler boýunça bölüminiň başlygy Aly Hasanow ýerli metbugata beren maglumatynda oppozisiýanyň planlaşdyrýan ýörişini diňe birnäçe ýüz adamyň goldap, ýörişe goşulmagynyň mümkindigini belledi.

“Bir mahal azerbaýjan oppozisiýasy gürjüler, ukrainler ýa-da gyrgyzlar ýaly bolmaga synanyşdylar. Bu iş olara başartmady. Indi bolsa olar araplar ýaly aýaga galmak isleýärler. Bu zatlar Azerbaýjan oppozisiýasynyň ýagdaýynyň näderejede gowşakdygyna şaýatlyk edýär” diýen Hasanowyň sözleri ýerli metbugatda çap edilen makalada getirilýär.

Azerbaýjan prezidentiniň edarasynyň wekili oppozisiýanyň ýöriş gurnaman, eýse 2013-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlyk görmelidigini nygtady.

Nebite baý Azerbaýjan Ýewropany energiýa bilen üpjün edýän esasy hyzmatdaşlaryň biri. Kakasy Heýdar Alyýewden soň häkimiýeti öz eline alan Ylham Alyýew 2003-nji ýyldan bäri ýurda ýolbaşçylyk edýär. Onuň häkimiýeti ýurtda korrupsiýanyň ösenligi, garyndaşparazlygyň güýjeýänligi üçin tankytlanýar. Ýurtda oppozisiýa ýol berilmeýänligi, söz azatlygynyň çäklendirilýändigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG