Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senatyň komitetinde Türkmenistana iberiljek ilçi diňlendi


5-nji aprelde Birleşen Statlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetinde geçirilen diňlenişige prezident Barak Obama tarapyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine kandidaturasy hödürlenen Robert E.Patterson gatnaşdy. Pattersona Türkmenistana ilçi bellense, bu ýurtda alyp barmakçy işleri we öňde goýýan maksatlary hakda soraglar berildi.

Diňlenişige Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň agzasy, senator Robert Kaseý ýolbaşçylyk edip, ol sorag-jogap başlanmazdan ozal eden çykyşynda öz bähbitlerini gorap bilmegi üçin, ABŞ-nyň Türkmenistanda ilçisiniň bolmagynyň zerurdygyny belledi.

Senator Kaseý soňky ýyllarda Türkmenistanda käbir oňyn özgerişlikleriň hem bolanlygyny, emma muňa garamazdan, adam hukuklary boýunça problemalaryň heniz hem dowam edýändigini nygtady: “Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy alada döretmegi dowam etdirýär. Geçen ýylyň maýynda men beýleki iki senator kärdeşim bilen bilelikde, iki wyždan tussagynyň adyndan Döwlet sekretary Hillary Klintona ýazylan hata gol goýdum”.

Senatoryň aýtmagyna görä, syýasy dissidentleri ruhy keselhanalara salmak ýaly Sowet Soýuzyndan galan endik Türkmenistanda häzirki döwürde hem dowam edýär.

Senator Robert Kaseý Türkmenistanyň öz energiýa eksportyny köp ugurly etmek baradaky tagallalary bilen hem Waşingtonyň ýakyndan gyzyklanýanlygyny hem mälim etdi. Ol Türkmenistanyň Owganystan barada pozitiw syýasat alyp barýanlygyny, Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän käbir etraplary elektrik togy bilen üpjün edýänligini belledi.

Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň agzasy, senator Robert Kaseýiň çykyşynda we onuň yzysüre başlanan sorag-jogaplarda Türkmenistandaky adam hukuklary we ýurduň syýasy ýagdaýlary hem üns merkezinde boldy.

Adam hukuklary

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulaşdyrylmagy barada nähili planlaryňyz bar we kandidaturaňyz tassyklansa, bu ugurda nähili ädimler ätmegi planlaşdyrýarsyňyz diýlip berlen soraga jenap Patterson şeýle jogap berdi: “Soňky döwürlerde bolan wakalar göz öňünde tutulanda, adam hukuklaryna we kanunyň üstünligine sarpa goýmaklygyň, institutlaryň we hökümetleriň aç-açan bolmagynyň ýurduň durnuklylygy üçin näderejede zerurdygyna göz ýetirdik. Bu wezipä tassyklanan halatymda men adam hukuklarynyň dürli ugurlary, şol sanda adamlaryň wagtlaýyn möhlet boýunça tussag edilmegi, söz we hereket azatlygyna garşy girizilen çäklendirmeler hakda pikir alşaryn”.

Diňlenişigiň dowamynda syýasy tussaglaryň ýagdaýy hakdaky soraglar hem orta atyldy. Senator Kaseýiň syýasy tussaglaryň ykbaly hakda Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen nähili gepleşikler geçirmegi planlaşdyrýarsyňyz diýen soragyna jenap Patterson şeýle jogap berdi: “Türkmenistanyň hökümet wekilleri ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasyna edil şu gün Amangylyjowyň we Hajyýewiň ýagdaýy barada maglumat berdiler. Hökümet tarapyndan gowşan maglumatda olaryň saglygyna seredilşi hem-de maşgala agzalary bilen duşuşdyrylmagy ýaly meseleler hakda gürrüň edilýär. Bu kiçijik ädim hem bolsa, biziň Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen geçirýän gepleşiklerimiziň netije berýänligini aňladýar”.

Türkmenistan Helsinki fondunyň agzalary bolan Annagurban Amangylyjow bilen Sapardurdy Hajyýew 2006-njy ýylda tussag edildiler. Olar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada daşary ýurt habar serişdelerine maglumat berýärdiler.

Jenap Patterson Halkara Gyzyl Haç ýaly guramalara Türkmenistandaky syýasy tussaglary baryp görmek boýunça mümkinçiligiň döredilmegi barada hem elinden gelenini aýamajagyny belläp, öz kandidaturasy tassyklanan halatynda Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen konstruktiw gatnaşyklary ýola goýmaga synanyşjakdygyny hem belledi.

Diňlenişigiň dowamynda Türkmenistanyň energiýa eksporty boýunça planlary barada hem gürrüň edilip, diplomat Robert E.Pattersona bu ugurdan Türkmenistana nähili kömek edip boljakdygy hakda soraglar berildi. Ol, kandidaturasy tassyklanan halatynda, ABŞ-nyň ilçisi hökmünde Transhazar we Transowgan gaz proýektleriniň gurulmagy barada Türkmenistanyň hökümetine goldaw bermegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

Robert E.Patterson Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçiriji proýekti gurlan halatynda, onuň Merkezi Aziýa bilen Günorta Aziýanyň gatnaşygyny güýçlendirjekdigini hem belläp, şeýle proýektleriň amala aşyrylmagy üçin amerikan firmalaryny Türkmenistana maýa goýmaga höweslendirjekdigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Kongrese hödürlener

Robert E.Pattersonyň kandidaturasy ýakynda prezident Barak Obama tarapyndan ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine teklip edilipdi. Bu diňlenişik şol teklip esasynda geçirildi. Diňlenişigi geçiren senator Robert Kaseý jenap Robert E.Pattersonyň kandidaturasynyň mümkin boldugyndan çaltrak Kongrese hödürlenjekdigini belledi. Bu teklip Kongres tarapyndan tassyklansa, Robert E. Patterson ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesini eýelär.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentinde 1985-nji ýylda işe başlan Robert E.Patterson mundan ozal ABŞ-nyň Keniýadaky ilçihanasynda ABŞ-nyň Somali boýunça wekili we ondan ozal hem ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasynyň Syýasy meseleler boýunça bölüminiň ýolbaşçysy wezipesinde ișläpdi. Ol ABŞ-nyň Wengriýadaky, Ukrainadaky we Ermenistandaky ilçihanalarynda hem syýasy bölümlere ýolbaşçylyk edipdi.

Robert E. Patterson ýokary bilimini ABŞ-nyň Rid Kollejinde aldy. Kolumbiýa uniwersitetinden M.A we M.Phil ylmy derejelerini alan Robert E.Pattersonyň ABŞ-nyň Harby deňiz kollejinden hem M.A. derejesi bar.
XS
SM
MD
LG