Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa deňze radiasiýa syzmasyny togtadandygyny aýdýar


Ýaponiýanyň bozulan Fukuşima ýadro komleksiniň operatory özleriniň ýokary derejeli radiasiýaly hapa suwuň Ýuwaş okeana syzmasyny togtadandyklaryny aýdýar.

AFP habar gullugy Tokio Elektrik kompaniýasynyň ýokary derejeli radioaktiw suwuň syzýan jaýrygynyň golaýyndaky topraga natriý silikati diýilýän himiki elementi goýberendigini aýdýar.

Bu element uly mukadarda suw syzýan jaýrygyň töweregindäki topragy berkitmek üçin goýberilipdir. Ol jaýryk Fukuşima AES-niň ýer yranmasy we sunami sebäpli sowadyş sistemasy bozulan 2-nji reaktoryna baryp direýär.
XS
SM
MD
LG