Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Azerbaýjan çagalara mergenlikden sapak berýär


Azerbaýjanyň Ermenistan bilen arada çözülmedik Dagly Garabag konflikti, serhetde ökde atyjylaryň ýerleşdirilmegi bilen baglylykda ýaşlara mergenlikden sapak bermäge başlandygy aýdylýar.

AFP habar gullugy bu sapaklary gurnaýan adamyň, Azerbaýjanyň Meýletin harby-watançylyk sport tehniki jemgyýetiniň başlygy Walid Gardaşowyň «bu kurs ýetginjegi geljekde batyr, gorky-ürkini bilmeýän esgere öwürmegi maksat edinýär» diýendigini ýazýar.

Ol mergenlik sapaklaryna 16 ýaşlaryndaky ýetginjekleriň gatnaşýandygyny aýdypdyr.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy geçen aý, bir azeri çagasynyň tüpeňlenendigi baradaky habardan soň, Ermenistan bilen Azerbaýjany öz mergenlerini serhetden aýyrmaga çagyrdy.
XS
SM
MD
LG