Sepleriň elýeterliligi

Siriýada bolan gozgalaňlarda 123 adam öldürildi


Siriýada 18-nji mart bilen 1-nji aprel aralygnda režime garşy bolan demonstrasiýalarda 123 adam öldürildi. Adam hukuklary boýunça halkara federasiýa düýn öldürilen adamlaryň atlaryny çap etdi.

Siriýaly hukuk aktiwistleriniň hasaplamalaryna görä, ýurtda syýasy gozgalaň başlaly bäri, esasan günortadaky Daraada we port şäheri Latakiýada, howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşyklar netijesinde 130-dan gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG