Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Belarusy žurnalistleri kösemegi bes etmäge çagyrýar


Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy belarus häkimiýetleriniň tankydy metbugaty gorkuzmak we ýanamak praktikasyny dowam etdirmeginden alada bildirdi.

ÝHHG-niň beýanatynda metbugat wekili Dunýa Miýatowiç şeýle diýýär: “Bu ýakymsyz tendensiýa 2010-njy ýylyň 19-njy dekabryndaky prezident saýlawlaryndan soň has elhenç derejä baryp ýetdi”.

Miýatowiç golaýda Belarusyň daşary işler ministri Sergeý Martynowa iberen hatynda žurnalistleriň we metbugatyň basyşa sezewar bolan halatlaryny birme-bir görkezdi we "žurnalistler Irina Khalip bilen Nataliýa Radinanyň jenaýat derňewleri" barada aladasyny beýan etdi.
XS
SM
MD
LG