Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Liwiýa Liberiýa baýdakly nebit gämisi geldi


Günodogar Liwiýanyň bir portuna, gozgalaň sebäpli martyň başynda togtadylan eksporty dikeltmek üçin, nebit çekýän tankeriň gelendigi aýdylýar.

Habarlara görä, tanker ikinji gün, Tobruk şäheriniň golaýyndaky Marsa el-Hariga eksport terminalyna gelipdir.

Liberiýa baýdakly gämä bir million barrel çemesi nebitiň ýüklenmegine garaşylýar.

Bu nebit Katara äkidiler öýdülýär. Bu Aýlak ýurdy Liwiýanyň pitneçilerini ýurduň kanuny hökümeti hökmünde ykrar etdi we pitneçileriň elindäki ýerleriň nebitini bazara çykarmaga razy boldy.
XS
SM
MD
LG