Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Liwiýanyň pitneçi goşunlarynyň lideri NATO-ny tankytlaýar


Liwiýanyň pitneçi goşunlarynyň lideri NATO-ny Muammar Kaddafiniň güýçlerine garşy howa hüjümlerini amal aşyrmakda haýal-ýagallyk etmekde tankyt etdi.

Kaddafi režiminiň öňki içeri işler ministri we pitneçileriň tarapyna geçen Abdel Fattah Ýunes NATO birneme tijenmese, onuň üstünden BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine arz etjegini aýtdy.

Howpsuzlyk geňeşi geçen aý Kaddafi güýçleriniň Liwiýadaky gozgalaňçylaryň tarapdarlaryny gyrgyna bermeginiň öňüni almak üçin daşary ýurtlaryň howa güýçleriniň ulanylmagyna ygtyýar beripdi.

Ýunes pitne şäheri Bengazide sişenbe güni bolan metbugat ýygnagynda çykyş edip, NATO-nyň haýal-ýagallygy Kaddafi güýçlerine ileri süýşmäge hem-de gabalan Misrata şäherinde adam öldürmäge şert döretdi diýdi. Ol NATO-nyň özlerini lapykeç edendigini aýtdy.

NATO biraz öň Misratadaky graždan ilaty goramak üçin mümkin bolan ähli zady edýändigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG