Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berluskoniniň sud işi gaýra goýuldy


Fewral aýynda prokurorlar proses üçin haýyşnama berenlerinde Berluskoni bu işiň syýasy sebäplidigini aýtdy.
Fewral aýynda prokurorlar proses üçin haýyşnama berenlerinde Berluskoni bu işiň syýasy sebäplidigini aýtdy.

Italiýanyň premýer-ministri Silwio Berluskoniniň, pul töläp, kämillik ýaşyna ýetmedik bir tansçy gyz bilen jynsy gatnaşykda bolmagy bilen bagly sud prosesi çarşenbe güni Milan şäherinde açylyp, bary-ýogy bäş minuta çeken diňlenişikden soň, gaýra goýuldy.


Marokkoly tansçy gyz Karime El-Mahroug Milandaky diskoda, 2010-njy ýylyň 14-nji noýabry,
Berluskonä öz wezipesinden galp peýdalananlykda hem günä bildirilýär. Prokurorlaryň aýtmagyna görä, ol polisiýa jaň edip, ogurlykda aýyplanyp tutulan bu gyzyň boşadylmagyny sorapdyr. Premýer-ministriň bu işi etmeginiň sebäbi, indi görlüp oturylsa, bu gyzyň işi suda düşse, onda gyz bilen öz arasynda bolan jynsy gantaşygyň üsti açylar diýen gorkusy eken.

Milan şäheriniň sudy prosesiň 31-nji maýa çenli yza süýşürilendigini bildirdi.

Kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekler bilen jynsy gatnaşyk üçin berilýän türme jezasy 6 aý bilen 3 ýyl aralygynda. Wezipesinden galp peýdalanana-da 4 ýyldan 12 ýyla çenli türme tussaglygy garaşýar. Berluskoni 5 ýyldan köp türme tussaglygyna höküm edilse, şondan soň hiç bir resmi wezipäni eýeläp bilmez.

Italiýanyň premýer-ministri çarşenbe günki diňlenişige gatnaşman, öz kabineti bilen Liwiýa barada maslahat geçirdi.

Prokurorlar Berluskonini marokkoly tansçy gyz Karime El-Mahroug bilen 2010-njy ýylda, ol 17 ýaşyndaka, pul berip, jynsy gatnaşykda bolanlykda aýyplaýarlar. Bu sud prosesinde prokurorlar hem-de Berluskoniniň adwokatlary şaýat hökmünde El-Mahrougyň adyny berdiler. Berluskoni Rubi diýip tanalýan bu gyz bilen jynsy gatnaşykda bolandygyny inkär edýär.

74 ýaşly premýer-ministr polisiýa jaň edip, bu gyzyň Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubaregiň ýegenidigini aýdyp, onuň boşadylmagyny soranynda-da, bu işi diplomatik hadysanyň öňüni almak üçin “ak ýürekden” edendigini aýdýar.

Eldegrilmesizligi ýatyryldy


Fewral aýynda prokurorlar proses üçin haýyşnama berenlerinde Berluskoni bu işiň syýasy sebäplidigini aýtdy: “Su proses baradaky zatlar, bularyň ählisi galp prosesler. Bu aýyplama bütinleý esassyz. Olaryň bir oňaýsyz media kampaniýasyny ýola goýýandyklaryny hemmeler gördüler”.

Italiýanyň Konstitusion sudy şu ýylyň ýanwar aýynda Berluskoniniň kanun esasynda yzarlanma boýunça eldegrilmesizligini ýatyrdy. Berluskonä pul iýenlikde we kezzaplykda hem öňümizdäki hepdelerde üç sany aýry-aýry sud prosesi garaşýar.

Jynsy gatnaşyk we wezipeden galp peýdalanmak baradaky prosesiň soňa goýulmagynyň Berluskoniniň adwokatlarynyň we syýasy ýaranlarynyň bu işe garşy herekete geçmegine täsir etmegi mümkin. Olar: “Milan sudy syýasy taýdan Berluskonä garşy” diýip, prosesiň başga ýere geçirilmegini isleýärler. Olaryň ileri tutýany Italiýanyň döwlet işgärleriniň wezipe başyndaka eden bikanun işlerine garaýan “Ministrler Tribunaly”.

Parlamentiň aşaky öýi sişenbe güni diňlenişigi haýsy suduň geçirmelidigini Konstitision sud karar etmeli diýen teklibi oňlady. Prosesiň çarşenbe güni yza süýşürilmegi Konstitusion suda bu barada karar çykarmaga pursat berýär.

Ýöne bu diňe bir akademiki sorag däl. “Ministrler Tribunaly” Berluskoniniň işine garajak bosa, adaty sudlardan tapawutlylykda, oňa parlamentiň aşaky öýünden ygtyýarnama gerek. Berluskoni bu öýüň agzalarynyň biri, köplük hem Berluskoniniň konserwatiw ýaranlaryndan ybarat.

Syýasy analizçileriň pikiriçe, parlamentiň Berluskoniniň kontrollygyndaky aşaky öýüniň “Ministerler Tribunalyna” premýer-ministriň işine garamagyna ýol bermeginiň ähtimallygy uly däl.
XS
SM
MD
LG