Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jemgyýetçilik guramalary we hökümet


Ýurduň Ýaşlar guramasynyň wekili bolsa ýaş nesiliň döwrebap bilim, terbiýe alýandygyny belledi.
Ýurduň Ýaşlar guramasynyň wekili bolsa ýaş nesiliň döwrebap bilim, terbiýe alýandygyny belledi.

Türkmen mediasynyň habaryna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, işiniň köpdügine garamazdan, döwletiň ynamly daýanjy bolan jemgyýetçilik guramalary bilen duşuşyklara uly üns berýär.

Türkmen mediasy 4-nji aprelde jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda Mejlisiň deputatlarynyň jemgyýetçilik guramalary bilen işleriniň netijeliligi, ýurduň ýeke-täk syýasy partiýasy – Demokratik partiýanyň iş planlary, aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak, ýaş nesliň watançylyk, ruhy-ahlak terbiýesini ösdürmek barasynda gürrüň edilendigini habar berdi.

Prezident Berdimuhamedow bilen duşuşyga gatnaşanlar ondan galan täsirler barada Türkmen telewideniýesinde çykyş etdiler. Şolaryň biri, Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa şeýle diýdi: “Bu duşuşygyň many-mazmuny iň esasy aladam halkym bolar diýýän hormatly prezidentimiziň mundan beýläk hem türkmen halkynyň bol-elin, eşretli durmuşda ýaşamagyny, döretmegini üpjün etmek üçin edilýän beýik başlangyçlaryň biridir”.

Ýurduň Ýaşlar guramasynyň wekili bolsa ýaş nesiliň döwrebap bilim, terbiýe alýandygyny belledi. Emma olaryň hiç biri-de duşuşykda geňeşilen meseleler we öňde goýlan wezipeleri çözmegiň mehanizmleri barada jikme-jik gürrüň etmedi. Ýogsa, käbir ösüşlere garamazdan, iň bärsinden zenanlaryň saglyk, çaga terbiýelemek, ýaşlaryň bilim almak, işsizlik ýaly problemalarynyň azalmaýandygyny käbir diňleýjilerimiz habar berýärler.

Ýeke täk partiýa


Jon MakLoud Londondaky Uruş we Parahatçylyk maglumatlary institutynyň baş redaktory. Onuň pikiriçe, Türkmenistanda edil sowet döwründäki ýaly ýeke täk syýasy partiýa ýa-da Ýaşlar guramasy bar: “Emma olary döwletden aýyrmak mümkin däl. Olary döwlet döretdi we gözegçilik edýär. Ýaşlar döwletiň bähbidine bolan çärelere mobilizlenýär. Ýaşlar guramasy ýaşlaryň bähbidine bolan işleri edip bilmeýär”.

Soňra Jon MakLoud şeýle diýýär: “Türkmenistan özboluşly ýurt we syýasy toparlaryň işleri diňe döwletiň rugsady bilen amala aşyrylýar. Sen ähli wagtyňy biziň ajaýyp prezidentimiz, ajaýyp ýurdumyz we ajaýyp geljegimiz bar diýip geçirmeli bolýarsyň. Belki, şol guramalaryň wekilleriniň elinden gelýän başga zadynyň ýokdugy, eger hemmeleriň edýänini etmeseler, jezalandyrylmagyndan gorkýandygy üçin şeýle hereket edýän bolmagy ahmal”.

Sen ähli wagtyňy ajaýyp prezidentimiz, ajaýyp ýurdumyz we ajaýyp geljegimiz bar diýip geçirmeli bolýarsyň.
Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Ak Muhammet Welsaparyň pikiriçe, Türkmenistanda resmi hasaba alnan jemgyýetçilik guramalarynyň çözýän meselesi ýok: “Sebäbi olar ilkibaşdan näme üçin hasaba alynýar? Olar hökümete jan-dilden gulluk etmekleri üçin hasaba alynýar. Eger-de olaryň özbaşyna çykyş etmek ukyby ýa-da halky hökümetden garaşsyz ýagdaýda yzyna duşürmek ukyby bolan bolsady, onda olar, belki-de, hasaba alynmazdy”.

Welsapar jemgyýetçilik guramalary bilen şeýle duşuşyklaryň “göz üçin” geçirilýändigine ynanýar: “Resmi hasaba alnan jemgyýetçilik guramalary Nyýazow döwründe diňe Günbataryň we Türkmenistanda öz halkynyň “gözüne çöp atmak”, gözboýagçylyk etmek üçin hasaba alnypdy. Gynansak-da, şeýle ýagdaýlar häzirem dowam edýär”.

Ýöne Jon MakLoud jemgyýetçilik guramalarynyň passiwliginiň Türkmenistandaky sistema bilen baglydygyna ünsi çekýär: “Bu özboluşly bir mehanizme eýe bolan sistema we ol hakyky reforma geçirip boljak sistema meňzemeýär. Çünki ýurtda ýeke-täk häkimiýet, ýeke-täk syýasy partiýa bar, ähli zady diňe prezident çözýär, hemme ygtyýarlygy bolan howpsuzlyk güýçleri bar. Bularyň ählisi sistemadaky mehanizmiň täsirli elementleri. Şeýle sistemada garaşsyz syýasy partiýa işläp bilmeýär”.

Soňky döwürde türkmen ýolbaşçylary ilatyň sosial durmuşyny we syýasy aktiwligini ösdürmek barada ýygy-ýygydan gürrüň edýärler. Olar her hepdede diýen ýaly açylýan täze desgalaryň halka hyzmat etjekdigini belleýärler. Şol bir wagtyň özünde, soňky aýlarda Arap dünýäsindäki awtoritar režimlere garşy proteste çykýanlar agyr sosial şertlerden, işsizlikden närazylyk bildirýärler we demokratik reformalary talap edýärler.

Arap tolgunyşyklarynyň täsiri

Londonly bilermen Jon MakLoud prezident Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik guramalarynyň işlerine ünsi güýçlendirmeginiň Arap dünýäsindäki wakalar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýar: “Umuman, Merkezi Aziýa liderleriniň şeýle protestleriň öz ýurdunda ýüze çykmagyndan aladalanýan bolmagy mümkin. Çünki regiondaky sistemalary Ýakyn Gündogardaky sistemalar bilen deňeşdirmek mümkin”.

Nyýazow döwletden aýry işleýän, hökümete degişli bolmadyk gurama bolmagyna-da şübheli çemeleşipdi
Soňra MakLoud şeýle diýýär: “Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanda şeýle işleri amala aşyryp biljek topar göze ilmeýär. Çünki Nyýazow haýsy-da bolsa bir syýasy oppozisiýa hatda, döwletden aýry işleýän, hökümete degişli bolmadyk gurama bolmagyna-da şübheli çemeleşipdi”.

Ýazyjy Ak Muhammet Welsaparyň pikiriçe, Türkmenistandaky jemgyýetçilik guramalary öz inisiatiwalary bilen halkyň goldawyny gazanmaly: “Munuň üçin olar ýokardan buýruk gelerine garaşyp oturman, öz inisiatiwalary bilen halky yzlaryna duşürjek bolmaly, halkyň ynamyny gazanmaly. Söz, metbugat azatlygy we demokratik saýlawlary geçirmek ugrunda halkyň erk-islegini resmi häkimiýetlere ýetirmek üçin alada etmeli”.

Golaýda Waşintonda dünýaniň dürli künjeginden gelen graždan aktiwistleri bilen duşuşygyň açylyşynda Amerikanyň Döwlet sekretary Hillary Klinton durnukly jemgyýetiň üç sütüniniň bardygyny belläp, “olar jogapkärçilikli, eden işleri barada hasabat berýän hökümetden, ykdysadyýetde gujurly, netijeli işleýän hususy pudakdan we graždan jemgyýetinden ybarat. Eger şol sütünleriň biri uzyn ýada gysga bolsa, onda şeýle jemgyýetde durnuksyzlyk emele gelýar” diýdi.

MakLoudyň pikiriçe, Arap dünýäsindäki ýaly gandöküşikligiň öňüni almak üçin, türkmen häkimiýetleri ýurtda hakyky reformalary amala aşyrmaly we ýurdy liberallaşdyrmaly.
XS
SM
MD
LG