Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň gözel künjegi


Şahyr ýa suratkeş bolaýmasaň, bu ajaýyplygy ýazga geçiräýmek her kime ýeňil düşüp duranok.
Şahyr ýa suratkeş bolaýmasaň, bu ajaýyplygy ýazga geçiräýmek her kime ýeňil düşüp duranok.
Türkmenistanyň tebigat dünýäsinde özüniň iň bir ajaýyplygy bilen ýatdan çykmajak täsirler galdyrýan ýerleriň biri hem ozalky Garrygala — häzirki Magtymguly etrabydyr. Şahyr ýa suratkeş bolaýmasaň, bu ajaýyplygy ýazga geçiräýmek her kime ýeňil düşüp duranok.

Ajaýyp dag jülgeleri, çeşme-çaýlary bilen ýylyň islendik paslynda özüne çekýän bu gözel etrabyň çäginde il-halkyň iň bir gelim-gidimli ýerleri Parhaý mineral suwly çeşmesi hem-de keramatly hasaplanýan Şibli baba gonamçylygydyr.

Etrap merkezinden 20 kilometr uzaklykda, dagyň iň bir gözel ýerinde ýerleşýän Şibli baba gonamçylygynyň zyýaratçylary hemişe ýeterlik. Ýaz, tomus, güýz pasly bu ýere ýurduň ähli künjeklerinden gelýän zyýaratçylaryň, has dogrusy, syýahatçylaryň yzy üzülmeýär.



Garaşsyzlyk ýyllary ýurtda keramatly hasaplanýan ähli gonamçylyklar, taryhy ýerler döwlet gözegçiligine alnyp, ol ýerlere gelip-gidýän adamlar üçin mümkin bolan amatly şertler döredildi. Şibli baba gonamçylygy hem döwletiň gözegçiliginde saklanýan, keramatly ýerleriň biri bolansoň, ol ýere gelýän zyýaratçylar üçin üsti şifer bilen örtülen nahar bişirilýän ýer, ýatak jaýlar, namaz okar ýaly metjit gurlan. Ýorgan-düşek, gap-çanak bilen üpjün edilen.

Şibli babanyň mawzoleýi hem göwne jaý gurlupdyr. Ýörite bellenen adamlar mawzoleýi hem onuň daş töweregini gözegçilikde saklaýarlar. Magtymgulynyň etrap merkezinden Şibli baba gonamçylygynyň ýerleşýän ýeri bolan belent dag göwsüne barýança ýol çekilip, ol ýere elektrik liniýalary, tebigy gaz hem eltilipdir.

Beýleki gonamçylyklardan tapawutlylykda Şibli babanyň mawzoleýi bilen gonamçylyklaryň arasyny kiçeňräk jülge bölýär.

Rowaýat

Şibli baba barada köp rowaýatlar aýdylýar. Bir rowaýata görä, ol bir ruhuň yşgynda gezip Hasar dagyna gelende dagyň üstündäki ruhy görüpdir. Ol ruha ýetmek arzuwunda haýdap barýarka ruh gözden ýitipdir. Şibli ah çekip, şol ýerde jan beripdir. Agzyndan çykan ot Sünt dagyny ýakypmyş. Sünt dagynyň daşlarynyň garalygy şol sebäpdenmiş diýýärler. Bu ýerleri köp gezen türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy öz goşgularynda Abubekir Şibli barada şeýle ýazýar: “Şibli kimin bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?“

Taryhy maglumatlara görä, atasy Mawerannahryň Şibliýe diýen ýerinden bolan Şibli Bagdatda doglup, şol ýerde ylym alýar we zamanasynyň meşhur sopularynyň biri bolýar. Ol arap dilinde şygyrlar hem döredipdir. Şibli baradaky rowaýat adamlaryň gelim-gidimli ýerinde ýerleşdirlipdir.

Zyýaratçylaryň Aşgabatdan baran toparyndan bolan, köp ýyllardan bäri her ýylda bu ýere zyýarata gelýän aşgabatly zenan Sona tebigatyň akylyňy haýran edýän bu gözel künjüni her ýylda bir gelip görmese, özüniň kararynyň ýetmeýändigini aýdýar.

Bu ýere gelýänleri özüne çekýän dag gözelligi, üstünden bir asyra golaý wagt geçen çynarlar, dagyň çür depesinde gögerip oturan arça agajy diýseň täsinlik döredýär. Zyýaratçylar dagyň depesine çykyp, daş-töweregiň gözelligine syn edip, keramatly ýerden öz ýürek arzuwlarynyň hasyl bolmagyny dileg edýärler. Türkmenleriň yrymyna görä, agaja alaja ýüpler, ýaglyk daňýarlar.

Syýahatçylar köp

“Magtymguly etrabyna Türkmenistanyň döwlet syýahatçylyk býurosynyň, hususy syýahatçylyk býurolarynyň üsti bilen daşary döwletlerdenem, ýurduň içindenem gelýän syýahatçylar az däl” diýip, etrabyň ýaşaýjysy Nurmyrat aýdýar.

Onuň pikiriçe, iň bir garyplyk derejesinde ýaşaýan etrabyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini etrapda syýahatçylygyň ösdürilmegi bilen hem gowulandyryp bolardy: “Bu ýere gelýän syýahatçylaryň özleri ýörite awtobuslary tutup gelip, gezelenç edip gidýärler. Eger-de etrap merkezinde syýahatçylar üçin myhmanhanalary, dynç alyş öýlerini gurup, 10-15 günlük dynç alyş putýowkalary bilen syýahatçylary bu ýere çekseler, syýahatçylaram hoşal bolardylar, ilata hem iş orunlary bolardy”.

Etrabyň çäginde bejeriş häsiýetli Parhaý çeşmesi, Şibli baba ýaly taryhda yz galdyran şahsyýetiň mawzoleýi, Magtymguly Pyragynyň muzeýi, Aýdere ýaly täsin jülgeler näçe diýseň bar. Bu işe baş galdyrylsa, Magtymguly Pyragynyň muzeýi üçin täze, döwrebap jaý gurulsa, muzeý giňeldilip, kitaphana döredilse, Abubekir Şibli barada hem maglumatlar toplanyp, kitaphana döredilse il-gün üçin uly işler edildigi, taryhymyza uly sarpa goýuldygy bolardy diýip, Nurmyrat aýdýar.

Zyýaratçylardan gelýän haýyr-sahawatlar döwletiň gözegçiliginde bolup, ol serişdeler keramatly ýerleriň zeruryýetleri üçin geregiçe ulanylýar. Şibli baba gonamçylygynda geçen ýyl zyýaratçylar üçin 3 otagdan ybarat täze jaý hem guruldy. Etrap merkezinden bu ýere gelýän ýol diňe tekizlenen dag ýoly. Ýola asfalt düşelse, gelip-gidýänler üçin has hem gowy boljakdygyny Nurmyrat aýdýar.

Soltan Açylowa Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG