Sepleriň elýeterliligi

Kärendeçi pagtasyny nirä satmaly?!


Ýazgulyýew: "Prezidentiň aýdyşy ýaly, kärendeçileriň borçnamadan artykmaç tabşyran pagtalaryny biržanyň üsti bilen nähili satmalydygynyň anyk hukuk tertibi bolmaly".

Ýazgulyýew: "Prezidentiň aýdyşy ýaly, kärendeçileriň borçnamadan artykmaç tabşyran pagtalaryny biržanyň üsti bilen nähili satmalydygynyň anyk hukuk tertibi bolmaly".

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kärendeçi daýhanlaryň borçnamadan artyk öndüren pagtalaryny biržanyň üsti bilen satmaga rugsat berýän resminamalary taýynlamaga degişli ýolbaşçylara tabşyryk berenine bäş aýa golaý wagtyň geçendigine garamazdan, şeýle kanunlaryň şu çaka çenli taýyn edilmezligi gaty geň.

Dabara bilen pagta ekişiniň başlanandygyna seretmezden, «Türkmenpagta» assosiasiýasynyň özleri bilen heniz şertnama hem baglaşmandygyny meniň bilen gürrüňdeş bolan kärendeçi daýhanlaryň birnäçesi tassyklady.

Borçnama anyk däl

Maryly kärendeçiniň aýtmagyna görä, prezidentiň kärendeçiniň borçnamadan artyk pagtasyny biržada satmaga rugsat bermegi elbetde, daýhanlaryň bähbidine bolar. Ýöne häzire çenli oba hojalyk emeldarlarynyň bu meseläni anyk çözmezligi gaty köp gümürtikligi döredýär, bu bolsa daýhanlaryň elini işden sowadýar. Munuňam üstesine, kärendeçiler bilen baglaşylýan şertnamada her gektardan azyndan 20-25 sentner hasyl almak borçnamasy goýulýar. Bu bolsa daýhanlaryň esasy böleginiň borçnamasyny hem ýerine ýetirip bilmejekdigini görkezýär.

Tejribeli agronom Akmyrat aga bolsa her gektar ýeriň melioratiw ýagdaýyna görä näçe hasyl berjegini kesgitlemelidigini aýdýar. Daýhanyň kärende ýeriniň ýagdaýyna laýyklykda borçnama bermeli, edil häzir kärendeçiniň boýnuna her gektar ýerden 15 sentnerden köp pagta almagy ýüklemek hakyky ýagdaýa gabat gelmeýär.

«Türkmenpagta» assosiasiýasy bilen şertnama baglaşan kärendeçilerem borçnamadan artykmaç tabşyrylan pagtany biržanyň üsti bilen nähili satmalydygy hakynda şertnamada hiç zadyň görkezilmändigini aýdýarlar.

Näbellilikden anyk çözgüde

Şeýlelikde, häzire çenli kärendeçi bu ýylky pagta hasylynyň her tonnasyndan näçe girdeji aljakdygyny, borçnamadan artyk öndüren önümini biržanyň üsti bilen nähili satmalydygyny bilenok. Munuňam üstesine, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyna seredilmän, her welaýatyň, etrabyň gektaryndan alynmaly hasylyň gyradeň edilmegi gaty adalatsyzlykdyr.

Şol sebäpli, birinjiden, kärendeçileriň ýyllyk borçnamasy melioratiw ýagdaýy gowy ýerler üçin 18-20, şor ýerler üçin bolsa 12-15 sentnerden köp bolsa daýhanlaryň esasy bölegi öňküleri ýaly döwlete önümini-pagtasyny bellenilen nyrh boýunça satyp, ýyl ahyrda bergä batarlar ýa-da ujypsyzja girdeji alarlar.

Ikinjiden, prezidentiň aýdyşy ýaly, kärendeçileriň borçnamadan artykmaç tabşyran pagtalaryny biržanyň üsti bilen nähili satmalydygynyň anyk hukuk tertibi bolmaly. Şeýle derwaýys çäreler amala aşyrylanda, daýhanlar işine höwesli ýapyşyp, Watan harmanyna has köp pagta tabşyrardylar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG