Sepleriň elýeterliligi

Agdarylan gämiden 250 adam ýitdi


Liwiýadan 300 adam alyp barýan gämi düýn irden italian kenarynda agdaryldy we aman galanlar Halkara migrasiýa guramasyna özleriniň garaňkyda golaýlap gelýän serhetçi gämä tarap ýüzendiklerini, emma köp adamyň gark bolandygyny aýtdylar.

AP habar gullugy serhet goragçylarynyň 48 adamy halas edendigini, balykçy gämisiniň hem üç adamyň demine ýetişendigini, emma 250 adamyň tapylmaýandygyny ýazýar.
XS
SM
MD
LG