Sepleriň elýeterliligi

Karzaý NATO-nyň öldüren 6 adamy babatda derňew geçirmegi buýurdy


Owgan prezidenti Hamid Karzaý NATO güýçleriniň reýdi mahalynda öldürilen alty adam babatda derňew geçirmegi buýurdy.

NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleri (HHKG) duşenbe güni demirgazykdaky Sari Pul welaýatynda bir öýe geçiren reýdinde 6 adamy öldürip, 4 adamy tussag etdi.

Ýerli owgan resmileri öldürilen 6 adamyň graždan adamlardygyny aýtsa, HHKG olaryň pitneçidigini aýdýar.

Karzaý halkara güýçlerini ýurtda geçirilýän harby operasiýalarda graždan ilaty öldürmekde ýygy-ýygydan tankyt edýär.
XS
SM
MD
LG