Sepleriň elýeterliligi

Britan esgerleri ýol hadysasynda owgan aýalyny öldürdi


Owgan polisiýasy britan esgerleriniň Kabulda bolan ýol hadysasynda bir owgan aýalyny öldürendigini aýdýar.

Kabul polisiýasynyň sözçüsi Haşmat Stanekzaý başda bu hadysada iki aýal we bir erkek öldi diýip beren maglumatynyň howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky düşünişmezligiň netijesidigini aýtdy.

NATO ýolbaşçylygyndaky goşunlaryň sözçüsi koalisiýa esgerleri bilen ilteşikli bir hadysanyň bolandygyny tassyk etdi, ýöne onuň häzir derňelýändigini aýdyp, başga zat aýtmakdan boýun gaçyrdy.
XS
SM
MD
LG