Sepleriň elýeterliligi

Ak Tam Muammar Kaddafiniň hatyny ret edýär


Ak Tam Muammar Kaddafiden hat alandan soň liwiýa liderine sözlerine däl-de, graždan ilata garşy zorlugy bes etmekdäki hereketlerine garap baha beriljegini aýtdy.

Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karniý Obamanyň Filadelfiýada bir çärä gatnaşmaga barýan uçarynda žurnalistlere bu hatyň «görnetin ilkinji hat däldigini» aýtdy.

Karniý Obama birnäçe hepde ozal Liwiýada atyşygy bes etmegiň «sözlere däl-de hereketlere, zorlugyň togtadylmagyna» baglydygyny açyk aýdypdy diýdi.
XS
SM
MD
LG