Sepleriň elýeterliligi

Obama bilen Karzaý Kuranyň otlanmagyna gynanç bildirdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen owgan prezidenti Hamid Karzaý bir sagatlap geçiren telekonferensiýalarynda amerikaly fundamentalist pastoryň Kuran otlamasyna gynanç bildirdiler we bu hadysa netijesinde adam ölümine getiren zorlugy ýazgardylar.

Ak Tam Karzaý bilen Obamanyň başga-da bir topar mesele, şol sanda Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmegi ýuwaş-ýuwaşdan amerikan we NATO güýçlerinden owgan kontroluna geçirmek barada maslahat edendigini aýdýar.

20-nji martda hristian fundamentalist pastorynyň Floridada Kuran otlamagy Owganystanda birnäçe gün protest bildirilmegine alyp geldi we bu waka netijesinde onlap adam, şol sanda BMG-niň hem 7 işgäri öldürildi.
XS
SM
MD
LG