Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan Bakiýewiň agdarylmagynyň bir ýyllygyny belleýär


Gyrgyzystan şu gün öňki prezident Kurmanbek Bakiýewiň agdarylmagynyň bir ýyllygyny belleýär.

2010-njy ýylyň 7-nji aprelinde howpsuzlyk güýçleri korrupsiýa we Bakiýewiň barha ýokarlanýan awtoritar dolandyryşyna garşy protest edýän demonstrantlary oka tutanda 90-a golaý adam ölüp, ýüzlerçe adam ýaralanypdy.

Bişkekdäki gozgalaň 2005-nji ýyldaky Çigildem rewolýusiýasy bilen häkimiýet başyna gelen Bakiýewi işden çekilmäge hem ýurtdan gaçmaga mejbur etdi.
XS
SM
MD
LG