Sepleriň elýeterliligi

Eýran boýunça gözegçiniň bellenmegi näderejede möhüm?


Eýrandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky aladalar bu ýurt boýunça BMG-niň ýörite gözegçisiniň bellenmegine sebäp boldy.

Eýrandaky adam hukuklarynyň ýagdaýy baradaky aladalar bu ýurt boýunça BMG-niň ýörite gözegçisiniň bellenmegine sebäp boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary Geňeşiniň Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin ýörite barlagçy bellemegi barada ozal bu wezipäni ýerine ýetiren Maurik Kopitorn bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyndan Golnaz Esfandiari geçirdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary Geňeşi Eýranda adam hukuklarynyň bozulmalaryna gözegçilik etmek üçin bir barlagçy bellemegi karar etdi. Bu işiň ähmiýeti näderejede uly?

M.Kopitorn: Eýran barada bir ýörite gözegçiniň wezipesini täzeden döretmek – ädilen ilkinji möhüm ädim bolup biler. Gözegçiniň işi doly başa barmaýanda-da, degişli adam öz tarapyndan möhüm inisiatiwalary öňe sürüp, ony Eýranda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada giň gerimli raporta öwrüp bilse, bu ýene-de peýdaly iş bolar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Eýran Birleşen Milletler Guramasynyň bu rezolýusiýasyny ret etdi. Ol özüniň adam hukuklary borçnamasyna baglydygyny aýdýar. Tähran Birleşen Milletler Guramasynyň bellän wekili bilen hyzmatdaşlyk etmese, bu gurama Eýrany hyzmatdaşlyga mejbur etmek üçin näme praktiki çäreleri görüp bilýär?


M.Kopitorn: Meniň bilşime görä, Birleşen Milletler Guramasynyň bu barada girizip bilýän praktiki çäreleri ýok. Köp wagt bäri ulanylyp gelinýän prinsip boýunça ýörite gözegçini kabul et diýip degişli ýurduň boýnuna borç ýüklenenok. Ony degişli ýurduň özi çagyrmaly. Başga sözler bilen aýdanyň-da, mysal üçin, men Eýrana şeýle baryp bilmeýärdim. Meni Eýran hökümeti çagyrmalydy. Meniň ilkinji raportymy okanlarynda olaryň keýpi şeýle bir bozuldy welin, meni ikinji gezek asla çagyrmadylar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Adam hukuklarynyň bozulmalary hakda daşardan agzap bilýärmidiňiz?

M.Kopitorn: Bu gün, bu döwürde gaty köp zatlary edip bolýar. Meniň döwrümde daşardan agzalýan zatlar köp artykmaçlyk getirýärdi. Ýöne daşardan, eger girip bolsa-da içerden, muny agzaýan iň azyndan kimdir biri bolmaly. Daşardan gaty köp iş edip bolýar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýörite gözegçi Eýranyň içinde adam hukuklarynyň ýagdaýyny nädip gowulandyryp biler? Mysal üçin, Birma barada munuň bir gowulandyran zady bolmady, şeýle dälmi?

M.Kopitorn:
Dogry, ýöne bu bir aýry mesele. Bu gözegçiniň işine, onuň göwnejaý raporty ýazyp bilýändigine ýa bilemeýändigine bagly zat däl. Ol ikinji etapa degişli. Bu edilmeli iş, ýöne ol bir aýry mesele. Meniň pikirimçe, ýörite gözegçiniň beren ündewlerini ýerine ýetiren ýurtlar köp däl bolsa gerek.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýörite gözegçiniň işi ýurduň içinde hökmany suratda ýagdaýyň gowulanmagyna getirmeýän bolsa, onda munuň näme ähmiýeti bar?

M.Kopitorn: Dogry, ol hökmany suratda ýagdaýyň gowulanmagyna getirenok. Ýöne bu ýörgünli prosesiň bir bölegi. Men häzirem ýörite gözegçiniň gerekdigine ynanýaryn. Sebäbi bu hökümete edilýän basyşy artdyrýar. Onuň ýagdaýyň gowulanmagyna getirmegi ýa getirmezligi mümkin. Mysal üçin, Eýran barada aýdanyňda, bir zat ýazsam-ýazmasam-da, olar meniň bardygyma asla begenenokdylar. Bir ýörite gözegçiniň raportyna tabyn edilýän ýurtlar özlerini beýle ýazyklam hasap edenoklar. Şol sebäpden Eýran bu pikire berk garşydy. Meniň pikirimçe, muňa sebäp bolýan zat – Eýranyň özüni beýle ýurtlaryň hataryna degişli däl diýip hasaplamagydy.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Eýran hökümetine belli bir derejede täsir edip biljek adam hökmünde siz gowy gözegçini nähili sypatlandyryp biljek?


M.Kopitorn: Soragyňyzyň ikinji bölegini bir gapdalda goýaly. Gowy gözegçiniň bu işe laýyk ýerligi bolmaly. Bu hem köplenç bir adwokat ýa bir hukuk professory bolýar. Meniň pikirimçe, hukukdan baş çykarmak möhüm. Bu zerur diýemok, ýöne möhüm.

Ikinjiden hem olar köp zatlary çekip-çydap bilmeli. Sebäbi olara köp toparlar, şol sanda Eýran hökümetinň özi-de, hüjüm eder. Meniň döwrümde men barada köp gürrüňler çykdy. Ýöne sen bu zatlara ähmiýet bermän, adam hukuklary boýunça takyk raport diýip hasaplaýan zatlaryňy ýazmagy dowam etdirmeli.

Eýran hökümetine täsir edip, onuň tutýan ýoluny üýtgetmegi barada aýdanyňda bolsa, men mandatlaýyn pikirlenmämi goýdum. Bu gaty ýokary, ýöne ýetip bolmajak arzuwdy. Sen Eýran hökümetine näwagt täsir edýäniňi bileňok. Ýöne mende, düýpli bolmasa-da, her halda ol ýurda täsirim ýetýär diýen duýgynyň dörän mahallary boldy.
XS
SM
MD
LG